jüýje

jüýje
Zoologiýa Towugyň çagasy.
∙ Jüýjeleriň ölüm-ýitimsiz saklanylmagy olaryň oňat iýmlendirilmegi arkaly hem gazanylýar. («Sowet Türkmenistany» Gazýeti)
∙ Hi, geçen ömrüňde maşyn bilen jüýje çykarylanyny görüpmidiň? Ynha indi göräýeris, keýgim! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
jüýjäni güýz sanaşmakIşiň soňuna seretmek, bir zadyň netijesini soňra, belli bir möwritde barlap görmek.
∙ Ýazda ösdüren guzulary bilen guwanmasyn, jüýjäni güýz sanaşarys. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать реферат

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»